Türkmen we türk bilermenleri atçylyk pudagynda bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdylar

  • 26.10.2024 23:45
  • 3k+

Ankara şäherinde “Türkmenatlary” döwlet birleşiginiň baş direktory Ahmet Berdiýew Türkiýäniň oba we tokaý hojalygy ministriniň orunbasary Ahmet Gümen bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Ankaradaky diplomatik wekilhanasy habar berdi.

Atçylyk pudagynyň dürli ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda konkur ýaryşlaryny guramak, atçylyk sportuny ösdürmek we bu ugurda syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle tejribe alyşmak duşuşygyň esasy temalary boldy.
Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň bilim edaralarynda maldarçylyk, atçylyk hem-de weterinariýa ugurlary we hünärleri boýunça okuw usullary barada pikir alşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen wekiliýeti Türkiýe Respublikasynyň Oba we tokaý hojalygy ministrligine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türk dilinde neşir edilen «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabyny sowgat berdi.


düýn 19:38
3.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......