26-27-nji noýabrda Aşgabatda III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçiriler

  • 26.10.2024 12:22
  • 3k+

2024-nji ýylyň 26-27-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde “Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçiriler.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna forumyň guramaçylykly we ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi. Resminama metbugatda çap edildi.
Degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary forumy guramaçylykly geçirmekde Ylymlar akademiýasyna ýardam bermäge borçly edildi.
Forumyň gün tertibine ylmy barlaglaryň netijelerini önümçilige işjeň ornaşdyrmak, halkara ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek bilen bagly meseleler giriziler. Şeýle hem forumda nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlar boýunça türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň giň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.


08.06.2026 23:01
2.6k+

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-da durnukly ösüşiň bähbidine iň gowy taslamalar sylaglandy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde......

01.06.2026 17:06
3.1k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.2k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.9k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......