Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy 1-nji noýabrdan zähmet rugsadyna çykar

  • 26.10.2024 08:46
  • 21k+

25-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji noýabrdan zähmet rugsadynyň öwezini dolmak barada Türkmenistanyň Prezidentine ýüzlendi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sentýabr aýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýokary derejede geçirilendigini, ýakynda bolsa dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berlen, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň guralandygyny aýtdy. Türkmenistanyň Halk Maslahaty bu çärelere taýýarlyk görmek we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk tarapdan köp işleri alyp bardy diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi hem-de Halk Maslahatynyň mejlisine we halkara çärelere taýýarlyk görmek bilen bagly awgust aýynda zähmet rugsadyny almandygy sebäpli, 1-nji noýabrdan zähmet rugsadynyň öwezini dolmak barada döwlet Baştutanyna ýüzlendi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Başlygynyň şu ýylyň 1-nji noýabryndan başlap zähmet rugsadyna çykmagy bilen bagly meseläni goldady diýip, TDH habar berýär.


düýn 20:46
980

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

27.06.2026 19:38
5.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
2.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......