Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş bilen duşuşdy

  • 24.10.2024 22:20
  • 5.5k+

Şu gün, 24-nji oktýabrda Kazan şäherine iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterriş bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.

Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. 
Bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitarap döwlet bolmak bilen, Türkmenistan halkara giňişliginde işjeň syýasaty alyp barýar hem-de bu Gurama we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen uzak ýyllaryň dowamynda netijeli gatnaşyklary saklaýar. 
Hususan-da, ekologiýa ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselelerine uly üns berilýär. 
Döwlet Baştutany ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň ekologiýa howpsuzlygy meseleleri boýunça birnäçe Konwensiýalaryna goşulandygyny belläp, türkmen tarapynyň bu ulgamda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady. 
Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň depginli ösýän strategik merkezleriniň birinde—Merkezi Aziýada BMG-niň ygtybarly we uzakmöhletli hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýär. 
Sebitiň ýurtlary ählumumy parahatçylygyň we Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmagyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydyr. Bu babatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi tarapyndan soňky ýyllarda netijeli işler alnyp barylýar. Onuň köpugurly işi umumy anyk maksatlary gazanmaga gönükdirilendir. 
Umumy pikire görä, ilatyň saglygyny goramak ulgamy özara gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, lukmançylyk-durmuş üpjünçiligini kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan yzygiderli işler bolsa, BMG tarapyndan ýokary baha mynasyp bolýar. 


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......