Türkmenistan Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ählumumy çarçuwaly maksatnamasyny işläp taýýarlamagy teklip etdi

  • 24.10.2024 21:32
  • 8.3k+

Türkmenistanyň halkara strategiýasy häzirki döwrüň geoykdysady gatnaşyklaryna, häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmäge işjeň gatnaşmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge, ekologiýa, azyk howpsuzlygy babatda çylşyrymly ýagdaýlary aradan aýyrmaga, ýurtlaryň we halklaryň energiýa çeşmelerine, arassa suwa we howa elýeterliliginiň deňhukukly, adalatly we ygtybarly ýollaryny döretmäge esaslanýar. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow 24-nji oktýabrda Kazan şäherinde geçirilen BRIKS guramasyna agza ýurtlaryň nobatdaky sammitinde eden çykyşynda belledi. Bu barada TDH habar berýär.

«Bu ugurda döwletimiz işjeň we jogapkärçilikli çemeleşýär. Türkmenistanyň ykdysadyýet, energetika we durnukly ulag ulgamlaryndaky başlangyçlaryna siziň ünsüňizi çekmek isleýärin. Gürrüň, Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ählumumy çarçuwaly maksatnamasyny işläp taýýarlamak barada barýar. Ýurdumyzyň beýleki başlangyçlary – Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny hem-de Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça bileleşigi döretmek başlangyçlarydyr» diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtady.


düýn 19:38
3.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.5k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......