Türkmenistan Halkara derman serişdelerine gözegçilik guramasynyň maslahatyna gatnaşdy

  • 24.10.2024 12:12
  • 9.1k+

14–18-nji oktýabrda Nýu-Delide (Hindistan) Halkara derman serişdelerine gözegçilik guramasynyň (ICDRA) 19-njy maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleri hem gatnaşdy diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Bu çäre Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň goldawy bilen, Hindistanyň hökümetiniň Merkezi derman serişdeleriniň Hindistan standartlaryna laýyklygyna gözegçilik edarasy, Saglygy goraýyş we maşgala abadançylygy ministrligi tarapyndan guraldy. Türkmenistanyň wekilleri Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hyzmatdaşlarynyň farmakologik gözegçiligi boýunça maslahatyna gatnaşdylar.
Derman serişdelerini kadalaşdyryjy edaralaryň halkara maslahaty häzirem dermanlary kadalaşdyrmakda, şeýle hem dermanlaryň howpsuzlygyny, netijeliligini we hilini ýokarlandyrmakda BSGG-niň möhüm guralydyr. Ol maglumat alyş-çalşygy we umumy gyzyklanma döredýän meseleleri çözmekde bilelikdäki çemeleşmeleri işläp düzmek maksady bilen, 1980-nji ýyldan bäri geçirilýär. Şu ýylky maslahatyň mowzugy «Akylly-başly sazlama: hemmeler üçin lukmançylyk enjamlarynyň kepilli hiliniň üpjünçiligi» boldy.


düýn 11:31
3.2k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......