Aşgabatda türkmen-täjik daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi

  • 24.10.2024 11:33
  • 1.7k+

23-nji oktýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň we Täjigistanyň Daşary işler ministrlikleriniň birnäçe düzüm birlikleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geňeşmeler geçirildi diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda habar berdiler.

Türkmenistanyň DIM-nde geçirilen geňeşmeleriň dowamynda iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik dialogyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Diplomatlar halkara we sebit syýasatynyň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda sebit howpsuzlygy, hususan-da, Owganystandaky parahatçylygy gurmak, ykdysadyýeti we syýasy durnuklylygy dikeltmek, şeýle hem täze ählumumy wehimlere we howplara garşy durmak meselesine üns berildi.
Taraplar daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini hem bellediler. Şunlukda diplomatlar iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda häzirki wagtda hereket edýän Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň çägindäki özara gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berdiler.
Geňeşmeleriň dowamynda daşary syýasaty meýilleşdirmek, ikitaraplaýyn konsullyk hyzmatdaşlygy, şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň işgärler syýasatyny durmuşa geçirmek meseleleri boýunça giňişleýin pikir alyşmalar geçirildi.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......