Alymlar atmosfera göwher tozuny sepip, Ýeri sowatmagy teklip edýärler

  • 24.10.2024 11:27
  • 8.2k+

Şweýsariýadaky Sýurihiň Ýokary tehniki mekdebiniň hünärmenleriniň ýolbaşçylygyndaky halkara alymlar topary göwher tozy bilen Ýeri sowatmagyň usulyny teklip etdi. Geophysical Research Letters žurnalynda çap edilen barlagyň  netijesine görä, göwher tozuny atmosfera sepmeklik Gün radiasiýasyny yzyna serpikdirmegiň täsirli serişdesi bolup biler.

Köp barlaglaryň berýän netijesine görä, kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmak ýaly, howanyň üýtgemegine garşy göreşmegiň adaty usullary indi planetanyň aşa gyzmagynyň öňüni alyp bilmeýär. Alymlaryň bir topary ählumumy maýlamagyň eýýäm düzedip boljak derejeden geçendigine (ýa-da şoňa ýakynlandygyna) ynanýarlar.
Barlagçylar alternatiw usuly - Gün ýylylygyny yzyna serpikdirýän aerozollary sepmegi teklip edýärler. Bu wezipe üçin iň gowy öwrenilen dalaşgärleriň biri kükürt dioksidi boldy, ýöne ony ulanmak ozon gatlagynyň azalmagyna we kislota ýagşyna sebäp bolýar. Agzalan pürkmegiň täsirine baha bermek üçin ýörite synaglar geçirmek hökman däl – şonsuzam wulkanlar bu gazy hetdenaşa köp mukdarda çykarýarlar.
Alymlar modelirlemäniň çäginde ýedi dürli maddanyň seljermesini geçirdiler: kalsit, göwher, alýumin, kremniy karbidi, anataz, rutil we kükürt dioksidi. Göwher tozy Ýeri sowatmak üçin iň oňat wariant boldy.
Bu material diňe bir ýagtylygy yzyna serpikdirmek ukybyna eýe bolman, eýsem, himiki taýdan inert bolup, atmosfera üçin howpsuzdyr. Mundan başga-da, ol belli bir wagt howada galýar.
Bu model 45 ýylyň dowamynda her ýylda bäş million tonna göwher tozuny sepmek, global temperaturany 1,6° C peseldip biljekdigini görkezdi.
Şeýle-de bolsa, alymlar şeýle taslamanyň ep-esli çykdajylary talap etjekdigini bellediler, onuň bahasy 200 trillion dollar.


düýn 20:31
2.5k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.8k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......