Ýürek infarktyny ir anyklamak üçin çip döredildi

  • 19.10.2024 19:42
  • 8.1k+

Jon Hopkins uniwersitetinden amerikaly alymlar ýürek infarktyny gan seljermesi boýunça birnäçe minutda anyklaýan elektron testi işläp taýýarladylar. Ylmy gözleg Advanced Science ylmy žurnalynda neşir edildi.

Infarktdyr diýlip güman edilýän adamlara, adatça, diagnozy tassyklamak üçin birnäçe test bellenilýär. Bu proses bäş minutyň içinde ýürek işjeňligini ölçemek üçin elektrokardiogrammadan başlaýar. Soňra infarktyň alamatlaryny ýüze çykarmak üçin gan seljermesi geçirilýär, bu barlaghana işi azyndan bir sagat wagt alýar we köplenç, ony gaýtalamaly bolýar.
Alymlaryň oýlap tapyşy nano-gurluşly üsti bolan mikroçibe esaslanýar, bu üste gan nusgasy çalynýar.
Bu “meta-üst” Raman spektroskopiýa seljermesi wagtynda elektrik we magnit signallaryny güýçlendirip, infarktyň biomarkerini birnäçe sekuntda görner ýaly edýär.
Ylmy gözlegçileriň bellemegine görä, döredilen usul bäş-ýedi minutda netije berip, bar bolan usullar bilen deňeşdirilende ýokary takyklygy üpjün edýär.
Hünärmenler testiň öýde we gyssagly gulluklaryň işgärleri tarapyndan ulanmak üçin amatlydygyny bellediler. Alymlaryň pikiriçe, döredilen usul rak we ýokanç kesellerini ýüze çykarmak üçin uýgunlaşdyrylyp bilner.


09.06.2026 23:14
7.2k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....