Noýabr-dekabr aýlarynda Türkmenistanda geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahatlar mälim edildi

  • 19.10.2024 12:46
  • 4.5k+

Şu ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde birnäçe halkara ylmy-amaly maslahatlaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada wise-premýer B.Orazdurdyýewa anna güni Hökümet mejlisinde habar berdi.

Hususan-da,

  • 25 — 30-njy noýabry aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi” atly halkara ylmy-amaly maslahaty;
  • 5-6-njy dekabrda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda “Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary” atly halkara ylmy-amaly maslahaty;
  • 19-njy dekabrda Türkmen oba hojalyk institutynda sanly ulgam arkaly “Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.

Olara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlary, alymlary bilen bir hatarda, Russiýa Federasiýasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Awstriýanyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Belarusuň, Malaýziýanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň zehinli ýaşlarynyň, alymlarynyň hem gatnaşmagyna garaşylýar. Bu maslahatlaryň geçirilmegi ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, milli ykdysadyýetimiziň çalt depginler bilen ösýän pudaklary boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda uly ähmiýete eýe bolar.


şu gün 10:02
24

TOHU halkara ylmy-amaly elektron žurnaly neşir eder

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny neşir edip başlar. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

26.06.2026 20:41
1.9k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....