Serdar Berdimuhamedow: "Ýylyň ahyrynda zähmeti bilen tapawutlanan raýatlary dabaraly ýagdaýda sylaglarys"

  • 19.10.2024 11:11
  • 17k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda ýakynda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň ýokary derejede guralandygy üçin hemmelere minnetdarlyk bildirdi we forumyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Häzirki wagtda akyldar şahyrymyzyň ýubileýi bilen bagly çäreler dowam edýär. Ýurdumyzyň döredijilik işgärleri, ýazyjy-şahyrlary bu ugurda uly işleri bitirýärler diýip, döwlet Baştutany belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow ýylyň ahyrynda olaryň zähmetine mynasyp baha berlip, öz zähmeti bilen tapawutlanan raýatlaryň hem dabaraly ýagdaýda sylaglanyljakdygyny aýtdy.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......