Türkmenistanda Massonyň we Sarianidiniň doglan günleriniň 95 ýyllygy mynasybetli ylmy maslahat geçirildi

  • 17.10.2024 14:39
  • 4.1k+

16-njy oktýabrda Milli «Ak bugdaý» muzeýinde meşhur alymlar, arheologlar, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýeleri Wadim Massonyň we Wiktor Sarianidiniň doglan günleriniň 95 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan — gadymy siwilizasiýalaryň ojagy» atly halkara ylmy duşuşyk geçirildi. Bu barada metbugatda habar berilýär.

Duşuşyk Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň guramagynda geçirildi. Foruma türkmen we rus alymlary gatnaşdylar. Italiýanyň, Çehiýa Respublikasynyň alymlary oňa sanly ulgam arkaly goşuldylar.
Akademikler Wadim Masson we Wiktor Sarianidi dürli ýyllarda Magtymguly adyndaky halkara baýrak, beýleki döwlet sylaglary bilen sylaglandylar. Olaryň eserleri ýurdumyzda köpçülikleýin neşir edildi, açyşlary bolsa gadymy dünýäniň taryhy baradaky mekdep kitaplaryna girizildi. Masson we Sarianidi hakyndaky maglumatlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedowyň eserlerinde-de öz beýanyny tapdy.

Ylmy duşuşygyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň däp-dessurlarynyň özboluşlylygyny we köptaraplylygyny şöhlelendirýän sergi bilen tanyşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň medeni mirasynyň öwrenilişine bagyşlanan wideoşekiller görkezildi.
Çärä gatnaşyjylar häzirki wagtda Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň iki instituty, ýagny Moskwanyň N.N.Mikluho-Maklaý adyndaky Etnologiýa we antropologiýa instituty hem-de Sankt-Peterburgyň Maddy medeniýetiň taryhy instituty bilen bilelikde döredilen türkmen-rus arheologik ekspedisiýalarynyň iş alyp barýandygyny bellediler. Döwlet Baştutany «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň girişinde dünýä belli arheologlaryň we taryhçylaryň ýurdumyzda ylmy gözlegleri, arheologik gazuw-agtaryş işlerini geçirip, köp sanly wajyp tapyndylary ýüze çykarandyklaryny, dünýä derejeli möhüm açyşlary edendiklerini belleýär. Bu giň gerimli işlere Änew medeniýetini ilkinjileriň biri bolup dünýä tanadan Rafael Pampelli, Wadim Masson, Wiktor Sarianidi we beýleki tanymal alymlar mynasyp goşantlaryny goşdular.

Gadymy Marguşyň paýtagty Goňurdepe barada aýry-aýry çykyşlar diňlenildi. Ol grek we rim ýyl ýazgylarynda “Margiana” diýlip atlandyrylypdyr. Bu şäher diňe bir Merkezi Aziýadaky bürünç asyryna degişli (b.e. öňki III müňýyllygyň ahyry — II müňýyllygyň ortalary) iň uly şäher bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýä jemgyýetçiligi üçinem möhüm ylmy açyşdyr. Bellenilişi ýaly, ady rowaýata öwrülen arheolog Wiktor Sarianidi 1972-nji ýylda türkmen kärdeşleri bilen bilelikde Goňurdepäniň üstüni açdy we bu ýerde gazuw-agtaryş işlerini geçirdi.
Forumyň çäklerinde myhmanlar açyk asmanyň astyndaky ýadygärlikler, hususan-da, gadymy Änew galasy we meşhur binagärlik toplumy bolan Seýit Jemaleddin ýadygärligi bilen tanyşdylar, şeýle hem olary ylmy esasda öwrenmek barada pikir alyşdylar.


düýn 23:54
729

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

düýn 00:03
3k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.8k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

27.06.2026 12:00
4.1k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....