Raşid Meredow Pakistanyň Premýer-ministri bilen TOPH we TOP taslamalaryny maslahatlaşdy

  • 16.10.2024 19:07
  • 5.4k+

15-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Yslamabatda Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şarifiň bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ösüşiniň geljegi barada pikir alyşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşykda taraplar türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygyny dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Hususan-da, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň we Türkmenistan – Owganystan – Pakistan (TOP) ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji liniýasynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn resminamalary taýýarlamak boýunça işi gutarmagyň ähmiýeti nygtaldy.
Ulag-logistika pudagynda bilelikdäki işleriň ähmiýeti hem bellenildi. Häzirki wagtda bu ugurda türkmen tarapy Pakistanyň iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýär, şolaryň arasynda National Logistics Corporation (NLC) aýratyn orny eýeleýär. NLC bilen hyzmatdaşlyk Hytaý – Pakistan – Owganystan – Türkmenistan ugry boýunça Merkezi Aziýa we Hazar sebitlerine çykalgasy bolan ýük gatnawlaryň mukdaryny ýokarlandyrmaga ýardam berer.
Şeýle hem taraplar hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän beýleki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň wekiliýeti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen Pakistan Yslam Respublikasynda bolýar.


05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
5.1k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....