Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Neda Berger bilen duşuşdy

  • 16.10.2024 18:47
  • 4.9k+

15-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-nde geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň işiniň netijeliligini bellediler we hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar Aşgabatda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň üstünlikli geçirilmegine ünsi çekdiler. Şu nukdaýnazardan, medeniýet, sungat, ylym we bilim pudaklarynda özara gatnaşyklary has hem giňeltmek mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.
Duşuşykda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäreler bilen bir hatarda Arkadag şäherinde geçirilen we işjeň türkmen-awstriýa döredijilik gatnaşyklarynyň aýdyň nyşanyna öwrülen VI Wena balynyň ähmiýetini nygtadylar.
Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......