BMG-de Türkmenistanyň raýatsyzlygy ýok etmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berildi

  • 16.10.2024 18:43
  • 6.2k+

14-nji oktýabrda Ženewa şäherinde Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 75-nji sessiýasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissary Filippo Grandi öz çykyşynda Türkmenistanyň ýolbaşçylygynyň raýatsyzlygy ýok etmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdi.
Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew birinji bölümçede çykyş etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary esasynda 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda ýurdumyzda raýatsyzlygy ýok etmek boýunça maksatnamanyň tamamlanandygy bellenildi.
Bölümçäniň çäginde çykyş etmek bilen Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Amanmuhammet Sazakow jemi 32 müňden gowrak adama Türkmenistanyň raýatlygynyň we 5 müňden gowrak adama ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berlendigini nygtady. Bu bolsa adam hukuklaryny goramakda we halkara hukugyny berjaý etmekde Türkmenistanyň ygrarlylygyny görkezýär.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......