Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Aziýa uniwersitetleriniň birleşigine kabul edildi

  • 16.10.2024 17:41
  • 4.5k+

Türkmenistanyň Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersiteti resmi taýdan Aziýa uniwersitetleri birleşiginiň täze agzalygyna saýlandy.

Uniwersiteti agzalyga kabul etmek baradaky karar bu ýokary okuw mekdebiniň wekilleriniň gatnaşan Aziýa uniwersitetleri birleşiginiň VI gurultaýynda kabul edildi.
Degişli şahadatnamany türkmen uniwersitetiniň wekillerine Birleşigiň ýolbaşçysynyň hut özi gowşurmak bilen, lukmançylyk uniwersitetiniň Türkmenistanyň birleşigiň çägindäki ilkinji ýokary okuw mekdebidigini belledi.

Bu gurultaý 4-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Altaý ülkesiniň Belokuriha şäherinde geçen «Altaý – Aziýa 2024: Ýewraziýa bilim giňişligi – täze meseleler we iň oňat tejribeler» atly VI halkara bilim forumynyň çäginde geçdi.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......