Ýupiterdäki Gyzyl tegmiliň hereketi alymlary geň galdyrýar. Ol giňelip-gysylýar

  • 15.10.2024 13:09
  • 6.6k+

Astronomlar Ýupiteriň Uly gyzyl tegmiliniň (UGT) adaty bolmadyk hereketini - Gün ulgamyndaky iň uly harasaty hasaba aldylar. Goddard kosmos uçuşlary merkeziniň 2023-2024-nji ýyllarda “Hubble” teleskopyny ulanyp geçiren barlaglary tegmiliň, takmynan, her  90 günden giňäp-gysylýandygyny görkezýär.

Alymlar Ýupiterde 22 gradus günorta giňişlikde ýerleşýän tüweleýiň her 88,5 Ýer gününde özüniň uly ýarym okunyň ugry boýunça gysylyp-giňeýändigini gördüler. Tegmiliň bu häsiýetiniň näbelli bolmagynda galýandygy üçin, gyzyklanma we sorag döretdi.
Alymlar UGT-niň sagatda 430 km tizlik bilen hereket edýän iki sany güýçli atmosfera akymynyň arasynda “gysylandygyny” düşündirýärler. Bu akymlar tüweleýi durnuklaşdyrýar we giňişlikde ýerini üýtgemeginiň öňüni alýar. Şeýle-de bolsa, gözegçilikler tüweleýiň atmosferanyň galan bölegine garanyňda günbatara tarap süýşýändigini görkezdi. Aslynda, bu hereket yzygiderli impulslary kesgitlemäge kömek etdi.
Tüweleýiň ululygy 14 000 kilometrden gowrak, hatda giňişlikde ugrunyň sähelçe üýtgemegi hem möhüm üýtgeşmeleri görkezýär. Şeýle hem barlagçylar süýşmäniň tizligi bilen tüweleýiň ultramelewşe ýagtylygynyň arasyndaky baglanyşygy bellediler. Süýşme haýallan wagty tüweleýiň ýadrosy giňeýär we has ýagty bolýar, bu bolsa onuň üstündäki atmosfera ümrüniň azalandygyny görkezýär. Süýşmäniň çaltlaşan döwründe ýadro, tersine, gysylýar.
Barlagçylar bu hadysanyň tebigatyna düşünmek üçin maglumatlary derňemegi dowam etdirýärler.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....