Şawkat Mirziýoýew: Özbek halky Magtymgulynyň döredijiligine ýokary baha berýär

  • 13.10.2024 15:58
  • 6.3k+

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew  Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň edebiýaty we bilimi döwlet syýasaty derejesine çykarandygyny, olary halkara giňişlikde hoşniýetli ýörelgeleri öňe sürmek üçin netijeli gurala öwrendigini belledi. Bu barada Şawkat Mirziýoýew Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumda çykyşynda belledi.

Özbek Lideri bu maslahatyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, halklarymyzyň ýakynlaşmagynda, baý ruhy mirasymyzy bütin dünýäde wagyz etmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.
Prezident Şawkat Mirziýoýew özbek halkynyň hem Magtymgulynyň döredijiligine ýokary baha berýändigini, oňa uly hormat-sarpa goýýandygyny buýsanç bilen nygtady. Beýik türkmen şahyry Hywanyň Şirgazy medresesinde bilim aldy, ol ýerde dünýewi we dini bilimleri öwrendi. Magtymguly Pyragy beýik özbek şahyry Alyşir Nowaýyny öz halypasy hasaplapdyr. Özbegistanda Magtymgulynyň ajaýyp şygyrlary we olaryň esasynda döredilen aýdymlar hemişe ýaňlanýar. Özbegistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden bellemek hakynda Karar kabul edildi. Bu ajaýyp senäniň hormatyna edebiýat agşamlary, bäsleşikler, maslahatlar we beýleki çäreler yzygiderli geçirilýär. Teatrlarda sahnalar goýulýar, özbek hem türkmen kinematograflary tarapyndan beýik şahyryň ömür ýoluna, döredijiligine bagyşlanan çeper film surata düşürildi. Häzirki wagtda beýik söz ussadynyň ady özbek paýtagtynyň hem-de welaýatlarynyň köçelerine, seýilgählerine dakyldy. Daşkentde, Hywada Magtymguly Pyragynyň ýadygärlikleri oturdyldy.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......