Türkmen halkynyň Milli Lideri Pakistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

  • 12.10.2024 12:48
  • 3.6k+

11-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany “Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglanylmagy mynasybetli gutlady hem-de dostlukly ýurduň döwlet Baştutanynyň şu gezekki saparynyň türkmen-pakistan gatnaşyklaryny ägirt uly mümkinçiliklerine laýyk gelýän täze derejelere çykarmakda nobatdaky tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi.
Nygtalyşy ýaly, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar dost-doganlyk, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýar. Halklarymyzyň taryhy kökleriniň, medeniýetleriniň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň umumylygy ony yzygiderli ösdürmek üçin binýat bolup hyzmat edýär.
Iki döwlet ikitaraplaýyn, şeýle-de köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda BMG-niň we beýleki abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler we birek-biregiň parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny goldaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda kabul eden Kararnamasynyň möhüm ähmiýetini belledi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň beýleki möhüm meseleleri boýunça hem gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.


şu gün 17:39
393

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......