Türkmenistanyň we Pakistanyň Prezidentleri hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlylygyny tassykladylar

  • 12.10.2024 12:38
  • 5.9k+

11-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

“Biz Pakistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge hemişe ygrarlydyrys. Asyrlardan gözbaş alýan dost-doganlyk däpleri we özara bähbitli hem-de deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri bu gatnaşyklaryň esasyny düzýär” diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary ýaly iri möçberli taslamalaryň bilelikde durmuşa geçirilmegi ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Şu ýylyň sentýabrynda bolsa agzalan taslamalary Owganystanda iş ýüzünde durmuşa geçirmäge badalga berildi.

Söhbetdeşleriň umumy pikirine görä, açyklyga, özara ynanyşmaga, dostluga esaslanýan iň ýokary döwlet derejesindäki dialog türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň esasy şertidir. Iki döwletiň Baştutanlarynyň yzygiderli gatnaşyklary, dostlugy Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen iri taslamalary, uzak möhlete niýetlenen başlangyçlary ilerletmäge güýçli itergi berýär.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......