Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt raýatlaryny Magtymguly Pyragynyň ýubileý medaly bilen sylaglady

  • 11.10.2024 16:12
  • 11k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda, şu daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy:

  • Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy Neda Leonidowna Berger,
  • Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Smitson institutynyň Milli tebigy-taryhy muzeýiniň antropologiýa bölüminiň jogapkär işgäri Pol Maýkl Teýlor,
  • Ermenistan Respublikasynyň «Fortuna-Amşen» çaphanasynyň direktory Waružan Surenowiç Saakýan,
  • Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan döwlet uniwersitetiniň Gündogary öwreniş fakultetiniň türkologiýa kafedrasynyň uly mugallymy Amaliýa Nşanowna Agajanýan,
  • Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň medeniýet we jemgyýetçilik işleri boýunça geňeşçisi Seýedmohammad Seýedali Hosseini,
  • Eýran Yslam Respublikasynyň eýran türkmenleriniň edebiýatyna we medeniýetine bagyşlanan «Ýaprak» çärýekleýin halkara žurnalynyň hem-de «Sähra» hepdelik žurnalynyň baş redaktory Mahmud Marjan ogly Atagözli,
  • Nyzamy Genjewi halkara merkeziniň (Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäheri) geňeşçisi, Hindistan Respublikasynyň Kaşmir şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Nasim Ahmed Şah,
  • Hindistan Respublikasynyň Gahri Padla şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Abhaý Kumar Maurýan,
  • Hytaý Atçylyk assosiasiýasynyň Baş sekretary Ýue Gaofeng,
  • Hytaý Halk Respublikasynyň Niňsiýa uniwersitetiniň okuw işleri boýunça prorektory Çžao Sýaoszýan,
  • Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurt bölüminiň Pakistanda ýaşaýan türkmenleriň Magtymguly adyndaky birleşiginiň başlygy Mohammad Rahim Kliç,
  • Pakistan Yslam Respublikasynyň Parahatçylygy öwreniş we diplomatiýa institutynyň prezidenti Nur Farhat Asif,
  • Russiýa Federasiýasynyň «Moskowskiý literator» gazetiniň baş redaktory Iwan Ýurýewiç Golubniçin,
  • Ukrainanyň Taras Şewçenko adyndaky Kiýew milli uniwersitetiniň Ukrain dilini öwreniş ylmy-barlag institutynyň baş ylmy işgäri Mikola Waskiw,
  • Ukrainanyň Taras Şewçenko adyndaky «Proswita» bütindünýä jemgyýetiniň ýolbaşçysy Pawlo Mowça,
  • Ýaponiýanyň ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Endo Toşiaki,
  • Gyrgyz Respublikasynyň Çingiz Aýtmatow adyndaky Dil we edebiýat institutynyň müdiri Abdyldažan Amanturowiç Akmataliýew,
  • Gyrgyz Respublikasynyň halk artisti, kompozitor Tugelbaý Toktogulowiç Kazakow,
  • Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň agzasy Sirojiddin Salyhowiç Saidow,
  • Özbegistan Respublikasynyň Alyşir Nowaýy adyndaky Daşkent döwlet özbek dili we edebiýaty institutynyň edebiýatyň nazaryýeti we häzirki zaman edebiýaty kafedrasynyň müdiri Bahodir Nurmetowiç Karimow,
  • Azerbaýjan Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidenti, Milli ylymlar akademiýasynyň Nyzamy Genjewi adyndaky Edebiýat institutynyň direktory Isa Akbar ogly Habbibeýlin,
  • Azerbaýjan Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň Nyzamy Genjewi adyndaky Edebiýat institutynyň uly ylmy işgäri Ismihan Magammad oglu Osmanly,
  • Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň (aşaky palatasy) deputatlaryň etikasy boýunça komissiýasynyň başlygy Faýzullo Baratzoda,
  • Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Azat daýhan birleşiginiň başlygy Meretkul Awlýakulowiç Gaýypnazarow,
  • Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň geňeşçisi, L.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetiniň telewideniýe-radio we jemgyýetçilik gatnaşyklary kafedrasynyň professory Bauyržan Žumahanuly Omarow,
  • Gazagystan Respublikasynyň L.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetiniň türki ylymlar kafedrasynyň professory Amantaý Žaryikasynuly Şarip,
  • Türkiýe Respublikasynyň Başkent uniwersitetiniň Alyşir Nowaýy adyndaky Ylmy-barlag merkeziniň ýolbaşçysy Güzel Abdurahman,
  • Türkiýe Respublikasynyň Ankara uniwersitetiniň dil we taryh-geografiýa fakultetiniň häzirki zaman türki dilleri we edebiýatlary kafedrasynyň mugallymy Berdi Saryýew,
  • Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Akimowiç Raýew.

27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......