Daşary ýurt raýatlaryna «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» ýadygärlik nyşany berildi

  • 11.10.2024 16:00
  • 5.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak hakynda Karara gol çekdi.

Bellenilişi ýaly, bu resminama beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde hem-de ony dünýä ýaýmakda, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmekde, halklaryň arasynda dost-doganlygy we hyzmatdaşlygy berkitmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli berildi.

Şu daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik (kümüş) nyşany bilen sylaglanyldy:

  • Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Nikolaýewiç Lebedew,
  • Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew,
  • Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Akimowiç Raýew,
  • Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Han,
  • Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Janeş Keýn,
  • Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş konferensiýasynyň başlygy Simona-Mirela Mikuleskun,
  • Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Musa Kulaklikaýan,
  • Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş,
  • Hytaý Halk Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministri Sun Ýelin,
  • Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet ministri hanym Nura bin Muhammed Al Kaabi,
  • Bahreýn Patyşalygynyň Daşky gurşawy goramak boýunça ýokary geňeşiniň başlygynyň orunbasary Şeýh Faýsal bin Raşid bin Isa Al Halifa,
  • Yrak Respublikasynyň Premýer-ministriniň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Arif Hammud Salim Al-Saedi,
  • Oman Soltanlygynyň medeniýet, sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasary Saýed Sultan Ýarub Al Busaidi,
  • Saud Arabystany Patyşalygynyň medeniýet ministriniň orunbasary Hamed Mohammed H.Faýez,
  • Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň «Fransiýa — Merkezi Aziýa» parlamentara dostluk toparynyň başlygy Erwe Moreý,
  • Gruziýanyň Ýazyjylarynyň döredijilik birleşiginiň başlygy Makwala Gonaşwili,
  • Katar Döwletiniň Medeniýet ministrliginiň medeniýet we sungat bölüminiň başlygy Abdurrahman bin Abdulla Al-Dileými,
  • Slowakiýa Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Gündogary öwreniş institutynyň direktorynyň orunbasary Gabriel Piriski.

27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......