Türkmenistanyň raýatlaryna «Arkadag» medaly we «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşany berildi

  • 11.10.2024 15:09
  • 12k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň raýatlarynyň bir toparyna uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli döwlet sylaglary gowşuryldy.

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň «Arkadag» medaly hem-de Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşany berildi:

  • Türkmenistanyň eks-Prezidentiniň iş dolandyryjysy Ýusupguly Aýlyýewiç Orazowy,
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň buhgalteriýasynyň baş hasapçysy Ýelena Aleksandrowna Çernowany,
  • Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň müdirliginiň müdiriniň orunbasary Maýagözel Sapardurdyýewna Hojamberdiýewany,
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Arkadag şäher Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy Ýusup Hojadurdyýewiç Işangulyýewi,
  • Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory Maýa Hommadowna Öküzowany,
  • Mary welaýatynyň Gurbanguly hajy dini guramasynyň başlygy, baş ymamy Amangeldi Agajanowiç Myradowy.

Resminamada bellenilişi ýaly, bu sylaglar ynsanperwer durmuş syýasatyny üstünlikli amala aşyrmaga, howandarlyga mätäç adamlaryň, ylaýta-da, çagalaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna mynasyp we doly möçberde gatnaşmaga bolan hukuklarynyň berjaý edilmeginde, durmuş çygryny ösdürmekde, jemgyýetçilik, ynsanperwerlik, haýyr-sahawat, saglygy goraýyş edaralarynyň işini ösdürmekde, hususan-da, lukmançylyk, sagaldyş-dikeldiş babatda kömek bermekde, hemaýata mätäç çagalara hem-de ýaşlara maliýe we maddy kömegini guramak, maslahatlary, usuly taýdan kömek bermek işine uly goşant goşandygy, döwlet we jemgyýetçilik işinde gazanan üstünlikleri üçin berildi.


düýn 19:38
2.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......