Arkadag şäherinde VI Wena baly geçirildi

  • 11.10.2024 12:48
  • 9.6k+

10-njy oktýabrda Arkadag şäherinde VI Wena baly geçirildi. Oňa hormatly myhman hökmünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy diýip, "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

200 ýyla golaý taryhy bolan Wena baly Awstriýanyň paýtagtynyň esasy nyşanlarynyň biri bolup, geçen döwürde öz meşhurlygyny ýitirmän, eýsem, Awstriýanyň, hatda Ýewropanyň çäklerinden hem daşary çykyp, dünýäniň dürli ýurtlarynda yzygiderli geçirilýän medeni çärä öwrüldi.
Ýurdumyzda geçirilýän Wena balyna gatnaşmak üçin Awstriýa Respublikasyndan ýörite wekiliýet gelipdir. Onuň düzümine Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň agzalary, meşhur opera aýdymçylarynyň, dirižýorlaryň we tansçylaryň döredijilik topary girdi. Myhmanlaryň hatarynda iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary hem bar.
Balyň resmi bölegi tamamlanandan soňra, dabaranyň çykyşlaryna orun berildi. Dabaralar «Gahryman Siz, Arkadag!» atly watançylyk häsiýetli kompozisiýa bilen açyldy. Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde däp bolan «Polonez» atly çykyşyň ilkinji owazlary ýaňlanýar. Oňa awstriýaly dirižýor, «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň çeper ýolbaşçysy Wolfgang Harrer dirižýorlyk etdi.

Ähli Ýewropa ballaryny açýan dabaraly tansly çykyşda horeografik topara wekilçilik edýän onlarça tansçy jübüt meýdança çykýar. Olar sazlaşykly hereketleri bilen ajaýyp tanslary ýerine ýetirýärler. Milli we dünýä nusgawy saz sungatynyň hazynasynyň meşhur eserleri, şol sanda I.Ştrausyň, D.Şostakowiçiň, F.Legaryň, B.Prawiniň we beýlekileriň sazlary dabaranyň maksatnamasyny emele getirdi. Bu ýerde Ç.Nurymowyň, W.Muhadowyň, R.Rejepowyň hem-de beýlekileriň meşhur eserleri hem ýaňlandy.
Türkmenistanlylar bilen sungat baýramçylygynyň şatlygyny paýlaşmak üçin ýyldyz aýdymçylar Ameliýa Hoý we Konstantin Rittel-Kobylýanskiý ýurdumyza geldiler. Tansçy jübüt Dimitar Stefanin hem-de Irina Grasser Iogann Ştrausyň «Mawy Dunaý» atly ajaýyp sazyna wals tansyny ýerine ýetirip, ýokary ussatlygyny görkezdiler. Dabara Döwlet tans topary, «Meňli», «Serpaý», «Galkynyş», «Näzli», «Aşgabat» tans toparlary, «Ruhubelent çagalar», «Şowhun» çagalar döredijilik toparlary, «Mukam» ýaş skripkaçylar topary we beýlekiler gatnaşdylar.
11-nji oktýabrda «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestri Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde konsert bilen çykyş eder.


şu gün 00:03
669

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......