Aşgabatda «Kalbyň şypasy» atly bina we durky täzelenen şaýol açyldy

  • 11.10.2024 09:49
  • 9.2k+

10-njy oktýabrda Aşgabatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Kalbyň şypasy» atly binanyň hem-de durky täzelenen şaýoluň açylyş dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.

Dabaralara germaniýaly belli kardiohirurg, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Hans Maýsner hem gatnaşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri professor Hans Maýsner bilen bilelikde atly paýtuna münüp, durky täzelenen şaýoluň aýlawly çatrygynda gurlan «Kalbyň şypasy» atly binanyň öňünde guralan aýdym-sazly çykyşlara syn etdi hem-de täze binanyň binagärlik-bezeg aýratynlyklary bilen tanyşdy.
Mermer we granit daşlaryndan gurlan sekizburçluk şekilindäki binanyň gurluşyk, bezeg işlerinde, şol sanda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylanda häzirki zamanyň ösen tejribesinden hem-de ylmyň gazananlaryndan işjeň peýdalanylypdyr. Bu özboluşly bina halkymyzyň saglygyny ileri tutulýan ugur edinýän ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň nyşany hökmünde paýtagtymyzyň bu künjegine aýratyn bezeg berer.


düýn 20:55
2.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......