2 milliard ýyl ýaşy bolan daşdan taryhda iň köne mikroblar tapyldy

  • 10.10.2024 18:20
  • 4.6k+

Alymlar 2 milliard ýyl ýaşy bolan dag jynsyndan taryhda iň gadymy janly mikroorganizmleri tapdylar. Tokio uniwersitetiniň barlagçylary netijeleri Microbial Ecology žurnalynda çap etdiler.

Daş jynsynyň nusgasy 15 metr çuňlukdan tapyldy we Günorta Afrika Respublikasyndaky Buşweld toplumynda bolan çat açmadan galan eken. Platiniň we hromitiň bu ýatagy ozal ýaşamaga ýaramsyz hasaplanýardy.
Alymlar infragyzyl spektroskopiýa we mikroskopiki usullary ulanyp, dag jynsyndan  janly mikrob öýjüklerini tapdylar, olaryň pikirine görä, bu gurşawyň “ýerli” ýaşaýjylary bolmaly. Daşdaky jaýryklar palçykdan doly bolup, daşardan organizmleriň ol ýere girmek ýa-da çykmak mümkinçiligini aradan aýyrýardy.
Bu açyşdan ozal iň gadymy mikroorganizmler ummanyň düýbüniň 100 million ýyl ýaşly çökündilerinde ýaşaýar diýip hasaplanýardy. Täze tapyndy 20 esse köne we alymlaryň mikroorganizmleriň duşaýjak gurşawlary baradaky düşünjesini ep-esli giňeldýär.
Barlagçylar tapyndylary öwrenmegi dowam etdirmekçi bolýarlar. Bu açyş beýleki planetalardan ýaşaýyş gözlemekde möhüm bolup biler diýip hasaplaýarlar. Hususan-da, Tokio uniwersiteti şuňa meňzeş barlaglaryň Perseverance mars roweriniň Marsdan getirjek nusgalarynda geçiriljekdigini aýtdy.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....