Gurbanguly Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew Aşgabatda Abaý Kunanbaýulynyň ýadygärligini açdylar

  • 10.10.2024 17:48
  • 16k+

Şu gün Aşgabatda meşhur gazak şahyry Abaý Kunanbaýulynyň ýadygärligi açyldy. Açylyş dabarasyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýurdumyza resmi sapary bilen gelen Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.

Özboluşly kompozisiýany özünde jemleýän meşhur gazak şahyrynyň heýkeliniň Aşgabat şäheriniň Astana köçesiniň ugrunda bina edilmegi iki halkyň medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna, däp-dessurlaryň meňzeşligine esaslanýan gatnaşyklarynyň täze derejelere çykarylýandygynyň nobatdaky beýany boldy.
Bu wakanyň Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde baýram edilýän ýylynda geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň iýul aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Astana şäherinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginyň açylyş dabarasy boldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda Gündogaryň beýik akyldarynyň heýkeliniň oturdylmagy dost-doganlygymyzyň ebedidigini hem-de mizemezdigini görkezdi.

 


düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

26.05.2026 01:02
4.7k+

Gazagystanda harytlaryň hökmany belgilenmegi sebäpli eşikler gymmatlap başlar

Gazagystanyň hökümeti ýeňil senagaty ösdürmegiň täze toplumlaýyn meýilnamasyny taýýarlaýar. Maksatnamada harytlaryň hökmany suratda ýörite belliginiň girizilmegi, kärhanalary döwrebaplaşdyrmak we ýurduň içinde......