Kasym-Žomart Tokaýew resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

  • 10.10.2024 17:34
  • 8.5k+

Şu gün, 10-njy oktýabrda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana resmi sapar bilen geldi. Bu barada TDH habar berýär.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklary galdyryldy we Hormat garawuly nyzama düzüldi.
Uçaryň öňünde dostlukly döwletiň Baştutanyna milli lybasly çagalar duz-çörek hödür edýärler we gül desselerini gowşurýarlar.

Bu ýerde, howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň döwlet Baýdaklarynyň öňünde surata düşýärler. Soňra bu ýerde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Bellenilişi ýaly, Gazagystanyň Baştutanynyň Türkmenistana şu gezekki saparynyň netijeleriniň hem-de Aşgabatda geçirilýän ýokary derejedäki gepleşikleriň möhüm waka boljakdygyna we uzakmöhletli geljegi nazara almak, iki ýurduň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigine ynam bildirildi.


11.05.2026 22:55
915

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

06.05.2026 09:48
5.3k+

Gazagystanda daşary ýurtly hünärmenler we maýadarlar üçin «Altyn wiza» giriziler

Gazagystanda daşary ýurtly ökde hünärmenler üçin ýurtda işlemegi we ýaşamagy aňsatlaşdyrjak ýörite «Altyn wiza» ulgamy dörediler. Bu barada ýurduň medeniýet we habar beriş ministri Aida Balaýewa mälim etdi....

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......