Türkmenistanyň Prezidenti saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerini gutlady

  • 10.10.2024 10:46
  • 8.4k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady. Döwlet Baştutanynyň gutlagy resmi metbugatda çap edildi.

"Häzirki döwürde eziz Diýarymyzda dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň kämil enjamlary bilen üpjün edilen bejeriş-anyklaýyş, ylmy-kliniki merkezler, döwrebap hassahanalar halkymyza hyzmat edýär. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli hem paýtagtymyzda täze Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi, Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana, Mary şäherinde welaýat hem-de şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edara binasy ulanmaga berildi.
Ýurdumyzda döwrebap bejeriş usullary ornaşdyrylyp, ilatymyza dünýä lukmançylygynyň ähli hyzmatlary diýen ýaly hödürlenilýär. Türkmen lukmanlary hünär derejelerini ýokarlandyrmak, tejribe geçmek üçin Ýewropanyň we beýleki öňdebaryjy döwletleriň saglygy goraýyş merkezlerine yzygiderli iberilýär. Dünýäniň belli lukmançylyk edaralary, ylmy-barlag merkezleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Däp bolan Türkmen-german lukmançylyk forumy munuň aýdyň mysalydyr" diýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär.

Döwlet Baştutany şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň giň gerimli işleri barada belläp geçýär.

"Gaznadan paýtagtymyzdaky hem-de welaýatlardaky hassahanalarda dürli operasiýalary geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän ýaş türkmenistanlylaryň bejergileriniň çykdajylaryny tölemek we olara saglygy goraýyş maksatly zerur enjamlary satyn almak üçin serişdeler yzygiderli bölünip berilýär" diýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......