Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy

  • 10.10.2024 08:10
  • 11k+

9-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.

Düýn, Aşgabatda dabaraly ýagdaýda Halkara sagaldyş-dikeldiş we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleri açyldy. Duşuşygyň barşynda Ahmet Çalyk bu merkezleriň gurluşygynyň “Çalyk Holding” kompaniýasyna ynanylmagynyň özleri üçin uly mertebedigini buýsanç bilen belledi.
Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasy ugurlaryň giň gerimi boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Türkmenistan hyzmatdaş ýurtlary we kompaniýalar bilen özara gatnaşyklary deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbidini nazara almak ýörelgeleri esasynda ýola goýýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda işleýän türk kompaniýalarynyň, hususan-da, “Çalyk Holding” kompaniýasynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşýan uly goşandyna üns çekildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda amala aşyrylýan taslamalarda ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmelere, innowasion tehnologiýalara we ykdysady taýdan netijeli çözgütlere uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýasynyň Türkmenistandaky taslamalarda mundan beýläk-de täze tehnologiýalary, ýokary öndürijilikli enjamlary işjeň ulanjakdygyna ynam bildirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ahmet Çalyk bildirilýän uly ynam üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de kompaniýanyň geljekde-de öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.


düýn 22:17
784

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......