Hünärmenler astronawtlar üçin asteroidlerden iýmit döretmek mümkinçiligini öwrenýärler

  • 09.10.2024 23:31
  • 3.4k+

Ähli zerur iýmit önümlerini ýanyň bilen alyp gidip bolmaýar, kosmosda azyk ösdürip ýetişdirmek tehnologiýasy bolsa ýeterlik derejede ösen däl. Miçigan Tehnologiýa Uniwersitetiniň barlagçylary uzak möhletli kosmos uçuşlarynda azyk ýetmezçiligi meselesini çözmek üçin adaty bolmadyk bir çemeleşme tapdylar. Asteroidleri kosmonawtlar üçin iýmit çeşmesi hökmünde ulanmagy teklip etdiler.

Olar pikirlerini The International Journal of Astrobiology žurnalynda çap eden makalasynda paýlaşdylar.
Alymlaryň sözlerine görä, asteroidleri himiki we fiziki usullar bilen ýumrup, uglewodorod birleşmelerini alyp bolar. Soňra bu birleşmeler bakteriýalaryň kömegi  bilen gaýtadan işlenip, ýokumly biomassany döredip biler.
Mysal üçin, alymlar ozal material nusgalaryny ýygnamak başardan Bennu asteroidini ulandylar. Bu kosmiki jisimiň umumy agramynyň takmynan 85,5 million tonna barabardygy bellendi. Asteroid mikroblar bilen döwülse, bir kosmonawt üçin azyndan 600 ýyla ýeterlik iýmit bolardy. Bir kosmonawty iýmitlendirmek üçin ortaça ýylda 5,5 müň tonnadan 175 müň tonna asteroid talap edilýär.
Barlag galyndylary peýdaly materiallara gaýtadan işlemegi maksat edinýän ReSource taslamasyndan ylham aldy. Mysal üçin, bu programmanyň bir bölegi hökmünde alymlar karamel ýogurdyna meňzeş plastmassadan biomassany ýasamaga synanyşdylar. Asteroidler hem köp mukdarda ugleroddan ýasalanlygy sebäpli plastmassa meňzeýär.
Geljeginiň bardygyna garamazdan, pikir henizem nazary tapgyrda. Alymlar asteroidleri bakteriýa iýmitine gaýtadan işlemek üçin kosmosda zawodyň analogyny  gurmagyň çylşyrymlydygyny boýun alýarlar. Şeýle-de, biomassanyň potensial zäherlidigini hem öwrenmek gerek.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....