Arkadag şäherine ahalteke atçylyk sungatynyň ÝUNESKO goşulandygyny tassyklaýan güwänama gowşurylar

  • 08.10.2024 11:22
  • 3.9k+

Ýakyn günlerde Arkadag şäherine ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulandygyny tassyklaýan güwänama gowşurylar. Bu barada Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa habar berdi.

Mälim bolşy ýaly, ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna Türkmenistanyň hödürnamasy esasynda 2023-nji ýylyň dekabrynda goşuldy.
Munuň özi ahalteke bedewleriniň gadymy mekany bolan ýurdumyzda bedewleriň arassa ganlylygyny saklamak, olary milli seýisçilik däpleri esasynda idetmek we atlaryň baş sanyny artdyrmak, ahalteke bedewleriniň dünýädäki şöhratyny belende götermek babatda alnyp barylýan işleriň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň abraýly sanawyna girizilendigini tassyklaýan güwänamany gowşurmak çäresine ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini aýtdy.


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
6.1k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
8.2k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4.1k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......