«Türkmennebit» DK Balkan welaýatynda iki guýyny ulanyşa tabşyrdy

  • 08.10.2024 00:09
  • 9.1k+

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň yzýanynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Goturdepe» buraw işleri müdirliginiň zähmet toparlary bir günüň dowamynda birbada iki guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamlap, ulanyşa tabşyrdylar. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Uzynada känindäki 80-nji, Demirgazyk Goturdepe känindäki 415-nji ulanyş maksatly täze guýulardan «gara altynyň» hem-de gaz kondensatynyň senagat akymlary alyndy. Geçirilen gazuw işleriniň jemi boýunça Uzynada käninde ýerleşýän taslama çuňlugy 6800 metr bolan guýynyň 6652-6659 metr çuňlugyndan gaz kondensatynyň bol senagat akymy alyndy. Netijede önümli guýy «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirligine ulanyşa tabşyryldy. Häzirki wagtda ol bir gije-gündizde 85 müň kub metr tebigy gaz, şeýle-de 73 tonnadan gowrak kondensat berýär.
Goturdepeli burawlaýjylar Demirgazyk Goturdepe käninde-de taslama çuňlugy 4870 metre ýetýän guýynyň 4536-4539 we 4564-4569 metr aralygyndan «gara altynyň» ýokary senagat akymyny almagy başardylar. Şonuň ýaly-da bu täze önümli guýy tehniki-sazlaýyş işlerinden soň, «Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň nebitçilerine ulanyşa berildi. Häzir guýy gije-gündiziň dowamynda 35 tonna barabar nebit berýär. 


20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......