Çilide halkalaýyn Gün tutulmasynyň özboluşly kadrlary surata düşürildi

  • 05.10.2024 17:27
  • 11k+

Öň, 2-nji oktýabrda özboluşly kosmos hadysasynyň – halka şekilli Gün tutulmasynyň bolup geçendigini habar beripdik. Bu ýagdaýda Aý Günüň görünýän ýüzüniň, takmynan, 90%-ini ýapýar. Beýik Britaniýadan astrofotograf Joş Dýuri bu pursaty surata almak üçin iň gowy ýeri tapdy.

Çilidäki Pashi adasynda bolmak bilen, ol ýerli wagt boýunça 12:23 bilen 15:52 aralygynda 21 kadr almagy başardy, soň olar bir surata birleşdirildi.
Şeýle şowuna düşen rakurs Dýurä özüniň ýüzlerçe moai heýkeli bilen belli bolan “Rano Raraku” milli seýilgähiniň ýapyk bölegine girmäge rugsat beren ýolbelet dostunyň kömegi bilen mümkin boldy.
1250 – 1500-nji ýyllar aralygynda aborigenler tarapyndan döredilen bu adam ýüzli daş monolitleri adanyň esasy ýadygärlikleri hasaplanylýar. Häzirki wagtda her biriniň agramy 75 tonna ýetýän 887 heýkel tapyldy. Şeýle-de bolsa, alymlara häzire çenli olaryň maksady belli däl.


15.05.2026 11:27
7.3k+

ABŞ-nyň iň demirgazyk şäherinde 84 günläp gündizlik höküm sürer

Alyaskanyň Utkiagwik şäherinde «ýarym gije Gün» döwri başlandy. Indiki 84 günüň dowamynda Gün ol ýerde gije-gündizläp gözýetimiň ýokarsynda galar....

30.04.2026 12:08
1.8k+

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin dört sany MoonFall dronyny uçurmagy meýilleşdirýär

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin MoonFall taslamasynyň çäginde dronlary ulanmagy göz öňünde tutýar. Bu başlangyç täzelenen Artemis maksatnamasynyň bir bölegi bolup, ony razwedka etmek, ylmy barlaglar......

22.04.2026 14:35
8.2k+

Arkadag şäherinde Gün elektrik bekedi we Arkadag merkezi gurlar

Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik we......

16.04.2026 17:18
3.5k+

Britaniýalylara mugt elektrik energiýasy hödürlener

Şu tomusda Beýik Britaniýanyň ýaşaýjylaryna elektrik energiýasyny has köp ulanmak üçin şert dörediler. Bu çäre mawy energiýa çeşmelerinden alynýan toguň aşa köpelmegi sebäpli energiýa ulgamyna düşýän agramy......