Asmanda otly halka: 2024-nji ýylyň iň soňky Gün tutulma hadysasy tamamlandy

  • 03.10.2024 23:17
  • 9.3k+

2024-nji ýylyň iň soňky Gün tutulma hadysasy tamamlandy. Bu astronomiki hadysa 2-nji oktýabrda bolup geçdi we ýylyň ikinji Gün tutulmasy boldy. Bu gezek ol halka şekilli boldy, ýagny Aý Ýer bilen Günüň arasyndan geçip, Gün diskini doly ýapman, “otly halkany” emele getirýär.

Gün tutulma hadysasy dünýäniň dürli sebitlerinde göründi, ýöne doly halkalaýyn tutulma Çilide we Argentinanyň günortasynda syn etmek mümkin boldy. Bölekleýin tutulma Demirgazyk Amerikanyň günortasynda, Günorta Amerikada we hatda Antarktidanyň käbir ýerlerinde göründi.
Syn etmek üçin iň gowy ýerleriň biri Pashi adasy boldy. Haýran galdyryjy tebigy hadysadan Argentinanyň ýaşaýjylary-da lezzet alyp bildi.
Aziýanyň ýaşaýjylaryna bu hadysany görmek başartmady, şonuň üçin okyjylary planetanyň başga sebitlerinden alnan täsirli suratlardan lezzet almaga çagyrýarys.


22.03.2026 16:34
4.1k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.5k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

16.03.2026 16:46
8.2k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

05.03.2026 07:02
5k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...