Türkmenistanda fiziologiýa, sagaldyş-dikeldiş we immuno-öňüni alyş boýunça resminamalara gol çekildi

  • 05.10.2024 10:54
  • 3.9k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda ilatyň saglygyny goramak babatda birnäçe resminamalara gol çekdi. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa döwlet Baştutanynyň garamagyna birnäçe resminamalary hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň çäklerinde sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, ilatyň saglygyny berkitmek we ortaça ýaşyny uzaltmak, yssy howa şertlerinde adam fiziologiýasyny öwrenmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.
Şeýle hem Türkmenistanda ilatyň saglygyny goramak babatda alnyp barylýan döwlet syýasatyny hem-de “Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, şeýle hem “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny” amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» hem-de şu Milli strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.
Ýurdumyzyň ilatynyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek, ýokanç keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek, bu işleri halkara kadalara laýyklykda yzygiderli pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.
Degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna resminamalaryň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......