Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi

  • 04.10.2024 11:01
  • 10k+

3-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Onuň işine Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, beýleki döwlet, häkimiýet we jemgyýetçilik edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar diýip, TDH habar berýär.

Mejlisiň gün tertibine beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütlerden gelip çykýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meseleler girizildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, beýleki döwlet, häkimiýet we jemgyýetçilik edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşýandyklaryny aýdyp, gün tertibiniň birinji soragyna geçmek bilen, onuň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň netijeleri boýunça durmuşa geçirilýän işler we öňde durýan wezipeler hakyndadygyny nygtady.
Mejlisiň barşynda wise-premýer
, daşary işler ministri R.Meredow, wise-premýer B.Orazdurdyýewa, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow çykyş etdi.

«Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýlişi ýaly, biz geljekde hem ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün ederis. Ata-babalarymyzyň döwlet gurluşynda toplan baý taryhy tejribesine, asylly däplerine daýanarys diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri mejlise gatnaşyjylaryň her biriniň öňde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin jan aýaman zähmet çekjekdigine, berkarar Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynam bildirdi.


düýn 19:38
3.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......