Türkmenistan BMG bilen durnukly ösüş we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

  • 03.10.2024 16:02
  • 4.7k+

30-njy sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary Li Jinhua bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Nýu-Ýork şäherine iş saparynyň barşynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäginde geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeliligini kanagatlanma bilen bellediler.
Türkmen tarapy Türkmenistanyň Hökümetiniň 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş boýunça Gün tertibiniň milli we halkara derejesinde durmuşa geçirilmegine doly goldaw berýändigini we işjeň gatnaşýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek boýunça Hökümete ýyllyk hasabat bermek üçin içerki gurluş hereket edýär.
Taraplar Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň ähmiýetini bellediler we onuň düzgünleriniň durmuşa geçirilmegi üçin bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Mundan başga-da BMG-niň 2026–2035-nji ýyllar döwri üçin «Durnukly ulagyň onýyllygyny» durmuşa geçirmek üçin Hereketleriň meýilnamasynyň – Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasynyň işlenip taýýarlanmagy babatynda geňeşmeler we şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän energetika baglanyşygy boýunça BMG-niň hünärmenleriniň halkara duşuşygy ýaly bilelikde geçirilmeli çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.


08.06.2026 18:54
3.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......