Alymlar sütün öýjükleriniň kömegi bilen ilkinji gezek 1-nji derejeli süýji keselini doly bejermegi başardylar

  • 03.10.2024 13:31
  • 7.9k+

Hytaýly alymlar himiki taýdan indusirlenen sütün öýjüklerini ulanyp, 1-nji derejeli süýji keseli bolan 25 ýaşly hassany üstünlikli bejerdiler. Näsag 11 ýyl bäri bu keselden ejir çekýän eken, transplantasiýadan 75 gün soň ol insulin almagy düýbünden bes etdi.

Bu usul gaýtadan programmirleme faktory hökmünde hereket edýän ownuk molekulýar himiki serişdeleri ulanyp, ýag dokumasyndan alnan sütün öýjüklerini ulanmaklyga esaslanýar. Bu öýjükler durnukly dikelmäge mümkinçilik berýän insulin, glýukagon we somatostatin öndürýär.
Bu amal 2023-nji ýylyň 25-nji iýunynda Şen Çžunýanyň ýolbaşçylygynda geçirildi. Ondan öň hassa iki gezek organlaryň şowsuz transplantasiýasyny başdan geçiripdir. Täze çemeleşme glýukoza gözegçiligiň gowulaşmagyny we gliklenen gemoglobiniň 5%-e çenli azalmagyny üpjün etdi, bu bolsa onuň doly dikelendigini görkezýär.
Gözlegiň netijeleri Nature žurnalynda çap edildi. Alymlar has giňden ulanmak maksady bilen bu usulyň howpsuzlygyny we netijeliligini tassyklamak üçin goşmaça barlaglaryň zerurdygyny nygtaýarlar.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....