Forbes: Mask yzygider üçünji ýyl ABŞ-nyň iň baý adamy boldy

  • 02.10.2024 13:57
  • 8.7k+

Amerikaly işewür Ilon Mask baýlygynyň azalmagyna garamazdan, yzygider üçünji ýyl ABŞ-da iň baý adam bolmagynda galýar. Bu barada “Forbes” žurnaly habar berýär.

Häzir onuň baýlygy 244 mlrd dollar diýlip hasaplanylýar. Şol bir wagtyň özünde, soňky bir ýylda onuň baýlygy 7 mlrd dollar azaldy.
ABŞ-nyň iň baý adamlarynyň sanawynda ikinji orny Amazon-yň esaslandyryjysy Jeff Bezos eýeleýär, onuň baýlygy 197 mlrd dollara barabar. Üçünji orunda kompaniýasynyň paýnamalarynyň gymmatlamagy netijesinde baýlygyny 181 mlrd dollara ýetiren Mark Sukerberg ýerleşýär.
Umuman, Forbes tarapyndan ABŞ-nyň iň baý adamlarynyň sanawyna 400 adam girýär. Şu ýyl olaryň umumy baýlygy 5,4 trln dollar diýlip hasaplanylýar, bu bolsa rekord görkezijidir.
Fewral aýynda Bloomberg ABŞ-nyň iň baý adamlarynyň hataryna goşulmak üçin iň pes kapitalyň 5,8 mln dollara çenli artandygyny ýazdy. Bu bir ýyl ozalkydan tas 15% köpdür.


20.06.2026 10:45
3.8k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.5k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.5k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......