Emeli aň arheologlara çölde gadymy obýektleri gözlemäge kömek edýär

  • 29.09.2024 15:46
  • 5.3k+

Abu-Dabiniň Halifa uniwersitetiniň arheologlary emeli aňyň kömegi bilen çölde arheologiki obýektleri gözlemegiň täze usulyny tapdylar. Bu usul hemra suratlaryny seljermek üçin sintetiki apertura radaryny (SAR) we maşyn biliminiň algoritmlerini birleşdirýär diýip, CNN habar berýär.

Adaty ýerüsti gözlegler we hemra suratlary, köplenç, çöl şertlerinde çäge tupanlary we alaňlar sebäpli kynçylyklara sezewar bolýar. Şonuň üçin alymlar gözlegiň täze usulyny oýlamaly boldular.

“Bize ýol görkezip, ylmy gözleglerimizi gönükdirjek bir zat gerekdi” – diýip, atmosfera boýunça hünärmen we taslamanyň esasy gözlegçileriniň biri Diana Frensis belleýär.

Şonuň üçin ylmy gözlegçiler algoritmi okatmak üçin gadymy Saruk Al-Hadid oturymly ýerinden alnan maglumatlary ulanmak kararyna geldiler. Maşyn bilimi tehnologiýasy gizlin obýektleriň üç ölçegli modelini 50 sm çenli takyklyk bilen döretmäge mümkinçilik berýär, bu hem arheologlara potensial gazuw-agtaryş ýerlerini has takyk kesgitlemäge kömek eder.
Bu şeýle tehnologiýalaryň arheologiýada ilkinji gezek ulanylmagydyr. Frensisiň aýtmagyna görä, algoritm möhüm arheologiki tapyndylary saklap biljek täze sebitleri eýýäm görkezdi.


21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

15.06.2026 15:53
1.2k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......