Neuralink-yň implanty goýlan näsag pikiriň güýji bilen robot goly dolandyrmagy öwrendi

  • 12.10.2025 23:29
  • 3k+

Ilon Maskyň esaslandyran Neuralink startapynyň beýni implantlary häzirki wagtda 12 näsaga ornaşdyryldy. Şolaryň sekizinjisi — Nik Reý skleroz keselinden ejir çekýän näsag bolup, pikir güýji arkaly hereket edýän robot goly dolandyrmagy öwrenip başlandygyny paýlaşdy. Oňa implant şu ýylyň iýul aýynda goýuldy.

Şu hepde Nik sosial ulgamlarda diňe implant bilen däl, eýsem ARA atly robot manipulýatory bilen hem üstünlikli aragatnaşyk saklamagy öwrenýändigini paýlaşdy. Bu enjam oňa gündelik durmuşyň käbir ýönekeý hereketlerini ýerine ýetirmäge kömek edýär.
Kesel sebäpli öň oňa fiziki taýdan sekiz sagatdan köp işlemek kyn düşýärdi, emma indi ol yzyny üzmän üç sagatlap robot goluny işjeň ulanandygyny beýan etdi. Nik robotyň kömegi bilen kepka geýip bildi, sowadyjy açdy, gapaklary çalyşdy, mikrotolkunly peçde nahar gyzdyrdy we stakandan turbajyk arkaly içgi içdi. Şeýle hem ol indi elektrik arabalary dolandyrmagy öwrenýär we otaglaryň içinde pes tizlikde ynamly hereket edip bilýär.
Nik şeýle-de hereket ukyby çäklendirilen adamlaryň ulanýan motorika türgenleşikleri bilen meşgullanýar. Ol stoluň üstünde silindrleri süýşürmek we çöpler görnüşindäki detal­lary öwürmek ýaly ýörite türgenleşikleri indi bary-ýogy bäş minutda ýerine ýetirip bilýär.
Onuň bu üstünlikleri, hereket ukybyny keselden ýa-da şikesden soň ýitiren beýleki näsaglara-da, gündelik işleri ýene-de dolandyrmak babatda umyt berýär.


22.05.2026 14:44
2k+

Ilon Maskyň X sosial ulgamynyň programmasynyň ýüklenmesi 1 milliarddan geçdi

Milliarder Ilon Maska degişli bolan X sosial ulgamynyň ykjam programmasynyň smartfonlara ýüklenen sany 1 milliarddan geçdi. Bu uly üstünlik barada Maskyň özi habar berdi....

19.05.2026 15:04
7.4k+

Ilon Mask OpenAI kompaniýasyna garşy kazyýet dawasynda ýeňildi

Demirgazyk Kaliforniýanyň Federal okrug kazyýeti milliarder Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasynyň ýolbaşçylygyna, şol sanda baş direktor Sem Altmana we kompaniýanyň prezidenti Greg Brokmana garşy beren şikaýat......

17.05.2026 20:40
5.6k+

Gatnaşyjy zenan Neuralink-iň kömegi bilen 20 ýyllyk ysmazdan soň ýene surat çekip başlady

Neuralink kompaniýasy Odri atly kliniki synaglara gatnaşyjy zenan barada gürrüň berdi. Onuň «mee-kompýuter» interfeýsiniň kömegi bilen 20 ýyldan gowrak wagtlap dowam eden ysmazlykdan soň, ýene-de surat çekmek......

17.05.2026 11:49
2.6k+

Täze ýüpek materialy 6G tehnologiýasynda ulanmak  teklip edildi 

Barlagçylar 6G ulgamlarynda, sensorlarda we telekommunikasiýa böleklerinde ulanylyp bilinjek täze, ýüpek esasly material işläp düzdüler. Bu tehnologiýanyň dokma galyndylaryny azaltmakda hem peýdalydygy göz......