Burunda dümewden we COVID-den goraýjy böwet döredýän spreý döredildi: onuň netijeliligi 99,99%

  • 29.09.2024 11:18
  • 8.4k+

Brigham and Women's Hospital hassahanasynyň alymlary wiruslaryň we bakteriýalaryň bedene aralaşmagynyň öňüni alyp biljek burun spreýini işläp düzdüler.

Geçirilen synaglarda PCANS spreýi COVID-19, dümew we sowuklama wiruslaryny, şeýle hem bakteriýalary öz içine alýan 100%-e golaý patogeni zyýansyzlandyryp, ýokary netijeliligi görkezdi.
Spreýde hiç hili derman serişdesi ýokdur, ol burun boşlugynda respirator damjalaryny tutýan we patogenler üçin fiziki barýer bolup hyzmat edýän gele meňzeş matrisany emele getirýär.
Syçanlarda geçirilen synaglarda, spreý haýwanlary dümewiň güýçli görnüşleriniň ýokuşmagyndan gorady. Spreý bilen bejerilen syçanlaryň öýkenindäki wirus derejesi 99,99% -den gowrak peseldi.
Spreý, kliniki synaglar üçin tassyklama almak işini aňsatlaşdyrýan ygtybarly maddalar bilen döredildi. Alymlar oňyn netijelere garamazdan, spreýiň adamdaky täsirini we howpsuzlygyny tassyklamak üçin has köp gözlegiň zerurdygyny bellediler. Mundan başga-da, allergiýa garşy göreşmek üçin hem spreýi barlamak meýilleşdirilýär.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....