Arheologlar gadymy Rim imperator aýaly Ýuliýa Domnanyň heýkeliniň kellesini tapdylar

  • 28.09.2024 11:36
  • 7.1k+

Angliýanyň Karlaýl şäherinde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde meýletin arheologlar imperator aýal Ýuliýa Domna degişli edilýän rim heýkeliniň kellesini tapdylar. 18x13 sm ölçegindäki ýadygärlik 2023-nji ýylda şol bir ýerden tapylan beýleki tapyndylardan has ýokary nepisligi bilen tapawutlanýar diýip, Arkeonews portaly habar berýär.

Nusgawy rim dizaýnynda ýasalan heýkel imperator Septimiý Seweriň aýaly Ýuliýa Domnanyň heýkelidir. Tapyndy gadymy rim hammamlaryndan uzak bolmadyk ýerde tapyldy. Arheologlaryň pikiriçe, bu hammam dürli jemgyýetçilik we dini ýerleri, dynç alyş we administratiw desgalaryny öz içine alýan dynç alyş merkezidi. Onuň ölçegleri takmynan 50x60 m.

Alymlar bu termanyň (grek hammamy) b. e. II asyrynda imperator Septimiý Sewer üçin gurlandygyny çaklaýarlar.
2021-nji ýyldan bäri gazuw-agtaryş meýdançasyndan teňňeler, harby esbaplar we boýalan gips ýaly 4000-den gowrak artefakt tapyldy. Beýleki tapyndylaryň arasynda 400 sany saç temençesi we hatda seýrek rim gurjagynyň aýagy bar.


düýn 12:00
3.5k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

19.06.2026 19:49
5k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......