Gün nirede has owadan batýar: Forbes şäherleriň reýtingini hödürledi

  • 28.09.2024 10:50
  • 5.6k+

SMM taslamasy Heppsy Günüň has owadan batýan ýerleriniň reýtingini düzmek üçin sosial ulgamlardan maglumatlary we dünýäniň dürli şäherlerinden tebigy we howa şertlerini seljerdi. Ylmy gözlegiň netijeleri “Forbes” žurnalynda neşir edildi.

Reýtingiň lideri Pariž boldy. Sanawy düzüjiler fransuz paýtagtyny 100 baldan 100 bal bilen bahalandyryp, Eýfel diňini görkezýän görnüş bilen, şeýle-de Mukaddes Ýürek bazilikasynyň we Aleksandr III köprüsiniň görnüşleri bilen Günüň batyşynyň örän ajaýypdygyny bellediler.
Reýtingiň ikinji setirini Dubaý eýeledi. Dubaý-Krik duralgasyndan Günüň batyşyna tarap owadan panorama görnüşi açylýar. Oňa ýylyň islendik güni diýen ýaly Jumeýra kenaryndan ýa-da Burj Halifa diňinden syn etmek bolýar.

Sanawyň üçünji ornunda Santa-Monika pirsi we Griffit obserwatoriýasy bilen Los-Anjeles ýerleşdi. Dördünji orna Barselona we onuň Guel seýilgähi hem-de Barseloneta kenary mynasyp boldy. Bäşligi San-Fransisko jemledi.
Reýtingde Kann, Madrid, Stambul we Gonolulu hem bar. Awtorlar Gonoluluda Waýkiki kenarynda ýa-da Tantalus syn ediş meýdançasynda Günüň batyşyndan lezzet almagy maslahat berýärler.


25.06.2026 23:36
5.9k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......