Alymlar Sibirde 184 million ýyllyk näbelli agaç görnüşleriniň galyndylaryny tapdylar

  • 25.09.2024 19:21
  • 13k+

Russiýanyň Irkutsk oblastynda Angara derýasynyň kenarynda ýaşy 184 million ýyl töweregi hasaplanýan gadymy ýaprakly agaçlaryň galyndylary tapyldy.

Tapyndy RYA-nyň SB-niň Ýer gabygy instituty bilen Tomsk döwlet uniwersitetiniň (TGU) alymlarynyň bilelikdäki ekspedisiýasy wagtynda ýüze çykaryldy. Gadymy ösümlik Ferganiella görnüşine degişlidir. Ösümligiň doly nusgasyny açan Tomsk döwlet uniwersitetiniň paleontology Stepan Iwansowyň hormatyna Ferganiella ivantsovii diýlip atlandyryldy.
RBK Irkutsk institutynyň wekilleriniň sözlerini getirýär: "Biz haýsydyr bir çylşyrymly latyn atlaryny gözlemän, görnüşe ony açan kärdeşimiziň hormatyna at bermegi karar etdik”.
Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Ýer gabygy institutynyň uly ylmy işgäri Andreý Frolowyň sözlerine görä, bular uzyn, möwsümleýin ýapragy dökülýän agaçlardy.
Iwansowyň özüniň düşündirişine görä, bu ýylylygy söýýän agaç irki ýura döwründe sebitde agdyklyk edýän subtropiki howada ösüpdir. Alymlar bu görnüşiň ýüze çykmagyny takmynan 180 million ýyl ozal Afrikanyň günortasynda wulkanyň atylmagy netijesinde dörän global ýylylyk bilen baglanyşdyrýarlar. Ösümlikleriň göçmegi netijesinde Ferganiella görnüşine degişli ösümlikler häzirki Sibiriň çäginde peýda boldy.
Tapyndy ylym üçin uly gyzyklanma döredýär, sebäbi bu ösümlik görnüşleri şu wagta çenli öwrenilmedi.
Bu alym Iwansowyň ýeke-täk açyşy däl: onuň ady takmynan 100 million ýyl ozal Russiýanyň häzirki Kemerowo oblastynyň çäginde ýaşap geçen ot iýýän zawropod dinozawrlarynyň täze görnüşiniň tapylmagy bilen hem gönüden-göni baglanyşyklydyr. Bu dinozawrlaryň iň uly nusgalarynyň uzynlygy 35-40 metre, agramy 100 tonna çenli bolup biler. Tomskiniň alymlary tarapyndan tapylan görnüşlere sibirotitan diýilýär.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....