Hytaýda uzak aralyga kosmos missiýalary üçin iýmit dörediler

  • 25.09.2024 13:36
  • 5.4k+

HHR-de uzak aralykdaky kosmosy öwrenmek boýunça geljekki missiýalar üçin azyk önümleriniň dürli assortimenti dörediler. Bu barada Çžeszýan welaýatynyň paýtagty Hançžouda geçen “Kosmos lukmançylygynyň serhetleri” forumynda habar berildi diýip, bigasia.ru belleýär.

Eýýäm taýkonawtlara kosmosda fiziologiki kynçylyklardan baş çykarmaga we 180 günden köp dowam edýän missiýalarda sagdyn bolmaga mümkinçilik berýän takyk iýmit standartlary döredildi diýip, Hytaýyň kosmonawtlary taýýarlamagyň ylmy-gözleg merkeziniň işgärleri aýtdy.
Olaryň bellemegine görä, kosmos menýusyna antioksidant täsirlerine eýe bolan, immuniteti goldaýan, ýadawlygy aýyrýan we içege mikrobiomasyny kadalaşdyrýan önümler girdi. Şeýle-de, häzir hünärmenler orbitada tagam taýýarlamagyň tehnologiýasyny işläp düzýärler, bu bolsa Ýeriň ýaşaýjylarynyň öz planetasyndan daşarda uzak wagtlap ýaşamagyny üpjün edip biler.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....