Alym-seleksioner Iwan Kuzmin «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ada mynasyp boldy

  • 25.09.2024 13:29
  • 15k+

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygy Iwan Iwanowiç Kuzmine Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesi — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen at dakyldy we oňa «Altyn Aý» altyn nyşany gowşuryldy. Bu ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permany metbugatda çap edildi.

Bellenilişi ýaly, bu sylag I.Kuzmine Türkmenistanyň giň möçberli milli maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge, ýurdumyzyň oba hojalygyny ulgamlaýyn hem-de ylmy esasda ösdürmäge, däne we galla ekinleriniň tohumçylygyny we seleksiýasyny önümçilige ornaşdyrmaga, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, häzirki zaman usullaryny ulanmak arkaly bugdaýyň täze görnüşlerini döretmäge, ýetişdirmäge, synagdan geçirmäge we bol hasyl alynmagyny üpjün etmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan uly şahsy goşandyny, şeýle hem ýokary hünär ussatlygyny, uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we tutanýerli zähmetini nazara alyp berildi.


düýn 22:20
5k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.8k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.6k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....