Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy işlenip taýýarlanyldy

  • 23.09.2024 10:45
  • 13k+

22-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy diýip, TDH habar berýär.

Saparynyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa bilen täze şäheri ösdürmegiň meselelerini, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda “Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” işlenip taýýarlanylandygyny aýdyp, degişli maksatnamany tassyklamak boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. Konsepsiýada Arkadag şäherini ähli ugurlarda ösdürmegiň wezipeleri kesgitlenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri “Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny” Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumyna iberip, maksatnamany Türkmenistanyň Prezidentiniň tassyklamagyna hödürlemek boýunça degişli işleriň alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi. Konsepsiýa tassyklanan halatynda, onda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň wajypdygy bellenildi. Şeýle hem bu Konsepsiýanyň esasynda “Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny” tassyklamak boýunça geçirilýän işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, ylym ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça maksatnamanyň işlenip taýýarlanylmagy Türkmenistanda häzirki zaman ylmynyň netijeli ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselelere döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda Arkadag şäherinde döwrebap ylym-bilim ojaklarynyň yzygiderli gurulmagy, olaryň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagy, bilim edaralarynda ýaşlara bilim bermegiň häzirki zaman usullarynyň ornaşdyrylmagy möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäherde alnyp barylýan işleriň halkara derejede ykrar edilýändigini belläp, dünýäde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylan 2025-nji ýyly ähmiýetli wakalara beslemek, onuň çäklerinde halkara çäreleri geçirmek boýunça wezipeleriň kesgitlenmelidigini aýtdy. Şunda “Dialog — parahatçylygyň kepili” ýörelgesinden ugur almagyň wajypdygy bellenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygyny çaltlandyrmak, binalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegini üpjün etmek meseleleri barada aýdyp, ýaşlaryň häzirki zaman intellektual eýeçiliginiň aýratynlyklaryny, sanly ulgamyň ähmiýetini işjeň özleşdirmekleri üçin zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.
Soňra Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa öňde boljak şanly senelere taýýarlygyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, täze jaýlara göçüp gelmegiň hormatyna köpçülikleýin jaý toýlarynyň tutulmagyna taýýarlyk görülýär.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäherde ulanylýan elektrobuslaryň aýratynlyklary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy elektrobuslaryň amatlylyk we tehniki görkezijiler babatda häzirki zamanyň ösen talaplaryna, ýokary halkara ülňülere laýyk gelmelidigini belledi. Munuň üçin degişli düzümleriň hünärmenleri bilen bilelikdäki tagallalaryň edilmegi zerurdyr. Häzir bar bolan we geljekde satyn alynjak elektrobuslaryň ýerli tebigy howa şertlerine laýyk gelmegi, olarda ähli amatlyklaryň üpjün edilmegi hem-de halkymyza ýokary derejeli hyzmat etmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidir. Gurbanguly Berdimuhamedow elektrobuslaryň hyzmat aýratynlyklaryna, daşky bezegine birnäçe belliklerini aýdyp, geljekde bu talaplaryň göz öňünde tutulmalydygyna ünsi çekdi. Şeýle-de elektrobuslarda döwrebap mahabat ýazgylaryny ýerleşdirmek meseleleri barada aýdylyp, bu ugurda degişli işleri geçirmek tabşyryldy.


düýn 19:38
3.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......