“Ussa Tirkeş” HK Çärjew etrabynyň Bekaryk obasynda 400 orunlyk mekdep gurar

  • 23.09.2024 08:12
  • 9.9k+

“Ussa Tirkeş” hususy kärhanasy Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Bekaryk obasynda 400 orunlyk döwrebap umumybilim berýän mekdebi gurar. Munuň üçin ygtyýar berýän Karara Türkmenistanyň Prezidenti 22-nji sentýabrda gol çekdi. Karar resmi metbugatda çap edildi.

Resminama laýyklykda, Lebap welaýatynyň häkimligine bu mekdebiň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Ussa Tirkeş” hususy kärhanasy bilen umumybilim berýän mekdep üçin aragatnaşyk, elektrik, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inženerçilik ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň taslamalaryny düzmek, olaryň durkuny täzelemek we täzelerini gurmak işlerini ýerine ýetirmek şertinde şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.
Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak we umumybilim berýän mekdebi 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......